«Bagt hemişe seniň ýanyňda, ony duýmagy başarmaly» diýýärler. Meniň pikirimçe, şol bagt — eziz Watanymyz bolmaly. Eziz Watanymyzyň goýnunda, onuň yssy mährinden, ýürek çogundan ganyp ýaşaýarys. 2024-nji ýyl meniň durmuşumda ýatdan çykmajak ýyl, bu ýylda men umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça geçirilen ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda tebigy ugry boýunça III orna mynasyp boldum. Şu ýyl ýürek arzuwlarymyň ýenede biri hasyl boldy, ýagny men Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby diýen buýsançly ada mynasyp boldum. Okuwçy wagtym takyk we tebigy ugurly derslere, seljerme we barlag işlerine bolan höwesim we gyzyklanam meni bu ýokary okuw mekdebiniň Weterinar-sanitar ekspertizasy taýýarlyk ugryna okuwa girmäge iterdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň kökleri müňýyllyklara uzaýan gadymy atşynaslyk däpleri dowamata atarylýar. Ol däp-dessurlaryň ösdürilmegine, geljekki nesillere geçirilmegine goşandymy goşmaga mümkinçiligiň döredilendigine çäksiz buýsanýaryn.
Mälim bolşy ýaly, ahalteke bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak hem-de wagyz etmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan işleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda täze doglan taýçanaklara Gahryman Arkadagymyzyň Şahyr, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ylham diýen atlary dakmaklary hem şaýatlyk edýär.
Goý, ýaşlara okamaga, döretmäge, kalbynda besleýän hünäriniň eýesi bolmaga giň ýol açan, türkmen ahalteke bedewiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Nedirowa Medine
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby