HAZAR — DOST-DOGANLYGYŇ, AGZYBIRLIGIŇ DEŇZI

HAZAR — DOST-DOGANLYGYŇ, AGZYBIRLIGIŇ DEŇZI

161
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hazar deňzi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hazar-dünýäniň döwletlerini dostlaşdyrýan deňizdir.  Ajaýyp zamanamyzda Hazarýaka döwletleriň özara hyzmatdaşlygy ýokary hil derejesine eýe boldy. Türkmenistan häzirki we geljekki nesilleriň bähbidine ählumumy ekologiýa meselelerini, şol sanda Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleleri netijeli çözmek, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär. Ýurdumyz bu ugurda parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, milli we umumy bähbitleri nazara almak, sebitde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek, Hazarýaka döwletleriň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen baglanyşan halklarynyň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýan syýasaty amala aşyrýar.
Hazar özüniň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň netijesinde häzirki wagtda okgunly ösýän sebite, özboluşly ykdysady merkeze öwrüldi. Bu ýerde halkara we sebitleýin ulag geçelgeleriniň döredilmegi hem-de ösdürilmegi ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly mümkinçilik berdi. Hazar deňzi kenarýaka ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam berýän örän möhüm jebisleşdiriji şert bolup durýar.  Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň güniniň ýurdumyzda giňden bellenilip geçilmegi bolsa dünýä jemgyýetçiliginde hoşniýetli hyzmatdaşlygyň giň gerim alýan döwründe Hazar sebitiniň Türkmenistanyň daşary syýasy gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Ýurdumyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
 
Söýenç Ahmedow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
 akademiýasynyň Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm