MEN BAGTLY EÝÝAMYŇ TALYBY

MEN BAGTLY EÝÝAMYŇ TALYBY

235
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda biz ýaşlara okamaga, sport bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilen. Ýurdumyzda ýaşlara uly ynam bildirilip, ýaşlaryň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli işler amala aşyrylýar.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni türkmen ýaşlaryny uly üstünliklere ruhlandyrýan wakalara beslenýär. Şeýle ajaýyp seneleriň birinde maňa bagtyýar ýaşlaryň hatarynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi.
Men çagalykdan başlap atçylyk bilen içgin gyzyklanyp, bu täsin sungatyň inçe tilsimlerini ylmy esasda öwrenmäge höwes edýärdim.  Çagalykdan birnäçe at çapyşyklara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeledim.  “Ata kesbi-ogla halal” diýlişi ýaly, atadan gaýtýan käri dowam etdirmek islegim we atçylyga bolan söýgim, yhlasym bu günki gün meni Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna alyp geldi. Ajaýyp döwrümiziň bagtly talyby bolmak bagtynyň miýesser edendigine diýseň begenýärin. Gahryman Arkadagymyzyň mähir yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şa gadamy bilen açylyp ulanmaga berilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bosagasyndan bagtdan paýly ýaşlaryň uly topary bilen birlikde gadam basýandygyma, bu ýerde döwrebap bilim almaga, hünär öwrenmäge mümkinçilik alýandygyma buýsanjymyň çägi ýok.
Saýlap alan ugrumdan ýokary bilim alyp, geljekde ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň uly sepgitlere ýetmegi we bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylmagy babatdaky tagallalara mynasyp goşandymy goşjakdygyma ynandyrýaryn.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, Watanymyzyň gülläp ösüşi, eşretli geljegimiz ugrunda durmuşa geçirýän işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
 
Döwletgeldi MÄMMEDOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm