ARZUWLARYŇ HASYL BOLÝAN ZAMANASY

ARZUWLARYŇ HASYL BOLÝAN ZAMANASY

212
Ýyllar geçdigiçe, arzuwlar täzelenýär, kalbymyzda täze maksatlar döräp, ýaşaýşa bolan isleg artýar. Ynsanyň kalbyndaky bu arzyly arzuwlar, ýaşaýşynyň her gününe nur berýär. Bagbanyň bag ekip, hasylyna umyt baglanşy ýaly, biz hem geljege uly umytlar bilen garaşýarys. Şol umytlar we arzuwlar, her bir adamyň durmuşynyň iň gymmatly bölegi bolup, olary gazanmak hemişe arzyly we gadyrlydyr.
Meniň ýaşlykdan sporta bolan höwesim, sportyň Hapkido görnüşi boýunça meşgullanyp, üstünlikli baýrakly orunlara mynasyp bolmagyma getirdi. Şeýle hem Ahalteke bedewlerine bolan söýgim we buýsanjym, ýaşlykdan bäri meniň durmuşymyň esasy bölegi bolup geldi. Men çagalymdan bäri “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýerine ýetirýän çykyşlaryny uly höwes bilen synlap, şol jigitler ýaly beýik üstünliklere ýetmegi arzuw edýärdim. Olaryň çykyşlary meniň ýüregimde atçylyk sungatyna bolan söýgini we bu ugurda mynasyp ussat hünärmen bolmak islegini döretdi.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly meniň üçin durmuşymdaky arzuw islegimiň amala aşan, iň bir bagtly ýyllaryň biri boldy. Ýagny maňa orta mekdebi üstünlikli tamamlap, Sebitde ilkinji akylly şäher Arkadag şäherinde ýerleşýän ussat seýis, halypa atşynas Aba Annaýewiň adyny göterýän  Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň “Milli at üstündäki oýunlar” taýýarlyk ugry boýunça okuwa girmek bagty miýesser etdi.
Nesip bolsa, Hormatly Prezidentimiziň biz — ýaş­la­ra bil­dir­ýän yna­my­na jogap edip, milli at üstündäki oýunlarda üstünlikli çykyşlar bilen, türkmeniň Ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda öz goşandymy goşjakdygyma ynandyrýaryn. Döwrebap ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagymyz, geljekde saýlap alan hünärimiziň hakyky eýeleri bolup ýetişmegimiz üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärin!
 
Bezirgen AZADOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm