«ARKADAG ŞÄHERI – GÖZELLIGIŇ ŞÄHERI» ATLY «PAÝHAS SYNAGY» BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

«ARKADAG ŞÄHERI – GÖZELLIGIŇ ŞÄHERI» ATLY «PAÝHAS SYNAGY» BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

404
2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly we Arkadag şäheriniň 1 ýyllygy mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Arkadag şäheri-gözelligiň şäheri” atly “Paýhas synagy” bäsleşigi geçirildi.
 
 
Bu bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Bäsleşikde bu ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen jemi 5 topar öz aralarynda bäsleşdiler.
 
 
Bäsleşigiň netijeleri boýunça I, II, we III baýrakly orunlar berildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine we işjeň gatnaşyjylaryna ýadygärlik sowgatlar we diplomlar gowşuryldy.
 
 
Bäsleşige gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
 
Söýenç Ahmedow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm