«YLYM ÖSÜŞIŇ KUWWATLY GÜÝJI» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

«YLYM ÖSÜŞIŇ KUWWATLY GÜÝJI» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

383
2024-nji ýylyň 7-nji iýunynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ylym ösüşiň kuwwatly güýji» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň şu gününi, nurana geljegini, ösüşlerini kesgitleýän esasy görkezijileriň biriniň ylymdygyny belläp, ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmeklik ýaş nesilleriň kämillige barýan ýolda üstünliklere eýe bolmagynyň möhüm görkezijisidigini, perzentlik borjydygyny, ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, ýaşlary ylmy gözleglere höweslendirmekde, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ýurdumyzda geçirilýän ders bäsleşikleriniň, döredijilik boýunça çäreleriň ähmiýetiniň diýseň uludygy dogrysynda çykyş etdiler. Ylmy-amaly maslahat iki bölümde dowam edip birinji bölüm «Ylym-bilim ― kämil geljegiň binýady», ikinji bölüm «Ylym ösüşleriň hereketlendiriji güýjüdir» diýip atlandyryldy.
Maslahata gatnaşyjylar edilýän şeýle uly aladalar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar we her ýylda giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden mähirli gutladylar.
 
Röwşen Şyhberdiýew
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk
ugrynyň 1-nji ýyl talyby 
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm