2024-nji ýylyň 26-njy maýy – 1-nji iýuny aralygynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Esberi uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de bu uniwersitetiň wekilleri bilen duşuşyklar geçirmek üçin Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Okuw işleri boýunça prorektory Seýitmyrat Ataýew we akademiýanyň türgen tälimçisi Aman Bäşimow 2024-nji ýylyň 26-njy maýy – 1-nji iýuny aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kentukki ştatynyň Wilmor şäherinde gulluk iş saparynda boldy.
2024-nji ýylyň 26-njy maýynda Esberi uniwersitetiniň esasy şahsyýetleri, şol sanda uniwersitetiň prezidenti Kewin Braun, Provost Şeri Pauers, Wilmor şäheriniň häkimi we “Atçylyk” maksatnamasynyň düýbüni tutujysy we direktory Harold Rainwater, Ylym we Saglyk kafedrasynyň müdiri we Ylymlar mekdebiniň dekany doktor Wins Sutlive bilelik hyzmatadaşlyk ýola goýmaklyk boýunça pikir alyşyldy. Mundan başga-da Esberi uniwersitetiniň tejribesini akademiýanyň okuw usuly işlerinde peýdalanmak üçin akademiki maksatnamasy, okuw meýilnamasy, okuw we okuw usulyýeti bilen tanyşdyrylan giňişleýin çykyşlar görkezildi.
2024-nji ýylyň 27-nji maýynda “Kentukki at seýilgähine” we “Amerikan Saddlebred atynyň” muzeýine baryp görip Kentukki ştatynyň baý atçylyk mirasy baradaky bilimlerini çuňlaşdyryp, dürli atçylyk senetine degişli eksponatlar, baýraklar, esbaplar we sungat eserleri bilen tanyşdylar. Bu iş sapary, iki ýokary okuw mekdebiň arasynda mundan beýläkde hyzmatdaşlyga bolan islegi has-da artdyrdy.
Esberi uniwersitetiniň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde akademiki maksatnamasyny, okuw meýilnamasyny taýýarlamakda we okuw usulyýeti boýunça tejribelerini paýlaşmaklyk, hem-de ylmy işleri, okuw maslahatlary, seminarlary guramak boýunça degişli işleri durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada ylalaşyk gazanyldy.
Iş saparyna gatnaşyjylar ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, atçylyk sungatynyň gadymy ugurlaryny gaýtadan dikeltmek, tohumçylyk işini gowulandyrmak, atlaryň baş sanyny artdyrmak, daşary ýurt döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy saklamak, şeýle hem atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek we atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.
Söýenç Ahmedow
Aba Annaýew adyndaky Halkara
atçylyk akademiýasynyň Ýaş alymlar
Geňeşiniň başlygy