Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem biziň ýokary okuw jaýymyz bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýamyzyň mejlisler zalynda hem Arkadag şäher polisiýa müdirliginiň wekiliniň, Arkadag şäher saglygy goraýyş ulgamynyň wekiliniň, Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarnyň wekilleriniň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu çäreler ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde, ilatyň saglygyny goramaga, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Ýol hereketiniň düzgünleriniň saklanmagy, şeýle-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagy, ozaly bilen, herekete gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň kadalaryny kämil berjaý etmegine gönüden-göni bagly bolup durýar. Pyýadalaryň bellenen düzgünlere dogry eýermezligi, pyýadalar üçin niýetlenmedik ýerlerden geçilmegi ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Awtoulaglaryň bellenen tizlikden ýokary sürülmegi, ýol hereketiniň kadalarynyň dürs berjaý edilmezligi hem ýol-ulag hadysalarynyň döremegine alyp barýan ýaramaz ýagdaýlardyr. Ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý eden halatymyzda ömrümiziň asudalygyny goradygymyz bolar.
Bu günki wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler hem öz gezeginde ähli wagyz-nesihat çaresine gatnaşanlaryň hem öz adyndan bizi şeýle bagtly-bagtyýar durmuşda ýaşamaga, döredijilikli zähmet çekmäge, okamaga we medeniýetli dynç almaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetliş işlerinde hemişe rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler.