2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylary, mugallymlary we ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler gatnaşdylar. «Açyk gapylar» gününiň çäklerinde, gelen myhmanlara akademiýada döredilen mümkinçilikler, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň ýokary okuw mekdebinde durmuşa geçirilişi barada akademiýanyň halypa mugallymlary tarapyndan giňişleýin gürrüň berildi.
Myhmanlar akademiýanyň okuw otaglaryna aýlanyp okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tejribe we barlaghana otaglary bilen tanyşdylar we bu ýerde ylmy-barlag işleriň ýerine ýetirilişi we atçylyk pudagyna degişli akademiýanyň mugallymlary bilen sorag-jogaplar alyşdylar. Çäräniň dowamynda kitaphana we muzeý binasyna baryp bu ýerde ýerleşdirlen Ahalteke bedewlerine degişli birnäçe taryhy esbaplar, akademiýanyň binýadynda döredilen “Ahalteke atlary parahatçylygyň ilçileri” ÝUNESKO kluby barada maglumatlary aldylar.
Şeýle hem akademiýanyň ýapyk manežinde ahalteke bedewleri bilen ýakyndan gyzyklanyp, bu ýerde alnyp barylýan işler, bedewlere erk etmegiň inçe tilsimleri hakynda mugallymlaryň beren maglumatlaryny gyzyklanma bilen diňlediler. Geçirilen «Açyk gapylar» güni mekdep okuwçylarynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.
Söýenç Ahmedow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy