2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Halkara ahalteke atçylyk assosasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2010-njy ýylda döredilen we ştab kwartirasy paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosasiýasynyň mejlisi döredilen gününden bäri Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirlip gelinýär. Şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň janköýerleri we muşdaklary ýylsaýyn artmak bilen, Halkara ahalteke atçylyk assosasiýasynyň agzalary hem yzygiderli köpelýär. Assosiasiýanyň agzalarynyň, behişdi bedewlere uly sarpa goýýanlaryň hem-de olaryň hakyky janköýerleriniň ylalaşykly işleri bedewleriň dünýäde giňden ýaýramagyny giňeltmäge we adamzat ösüşiniň döreden ajaýyplygy hökmünde ahalteke tohum atlarynyň özboluşlylygyna hem-de ähmiýetine ählumumy ünsi güýçlendirmäge mümkinçilik berdi.
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda geçirilen Halkara ahaltekle atçylyk assosasiýasynyň XIV mejlisi ýurdumyzda we dünýäde ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, olaryň arassa ganlylygy gorap saklamak we olary ylmy esasda öwrenmeklige bagyşlandy. Akademiýanyň giň eýwanynda gurnalan sergide behişdi bedewlerimizi wasp edýän dürli sungat eserleri, zergärleriň şaý-sepleri, heýkeltaraşlaryň binagärlik eserleri görkezildi. Mejlisde çykyş edenler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gymmatly hazyna hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzünde aýratyn orunynyň bardygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Hususan-da “asman atlary” diýlip tanalýan ýelden ýüwrük bedewlerimiziň dünýäde tanalmagyna Gahryman Arkadagymyzyň arassa ganly tohum atlaryna bagyşlap ýazan ajaýyup eserleriniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny buýsanç bilen bellediler. Çykyş edenler “Behişdi at türkmen üçin ähli zat” diýip belleýän mähriban Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerini seýislemekde türkmen halkynyň baý tejribesiniň bardygyny hem belläp geçýändigini nygtadylar.
Mejlisiň dowamynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, “Jeýkob Ferdezuçt GBR” (Germaniýa Federatiw Respublikasy) atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob çykyş etdi. Hanym Katerina Ýakob öz çykyşynda Türkmenistanyň atçylyk pudagyny, atly sporty ösdürmek boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýandygyny we bu babatda dünýä tejribesine daýanýandygyny buýsanç bilen belledi. Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzasy, Ýaponiýanyň “Akhal-teke Affinity Сo.Ltd” hojalyk jemgyýetiniň baş direktory, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Miçiko Aoeniň sanly ulgam arkaly çykyşy diňlenildi. Ol hem öz çykyşynda ahalteke bedewleri diňe bir ýyndamlykda tapawutlanman eýsem-de bolsa gözelligi boýunça hem aýratyn baha mynasypdygyny belläp geçdi. Mejlisiň dowamynda atçylyk pudagynda netijeli zähmet çeken we ömrüni bu asylly käre bagyşlan atşynaslara “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okaldy.
Halkara ahalteke atçylyk assosasiýasynyň müdürýetiniň çözgüdine laýyklykda assosasiýanyň düzümine täze agzalar kabul edildi. Täze kabul edilen agzalar ýurdumyzyň we daşary ýurtly raýatlar bolup, olar behişdi bedewler bilen ýakyndan gyzyklanýan atşynasldardyr.
Halkara ahalteke assosasiýasynyň XIV mejlisine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa dünýä medeniýetiniň gymmatly hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň atşynaslyk däplerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmak meselelerine berýän hemişelik ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.