Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda okalan beýan we Arkadag şäherinde açylan bilim edaralary mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.
Bilşimiz ýaly Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji gününde mähriban ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda uly orun tutýan ajaýyp baýram – Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilip, täze okuw ýyly badalga aldy. Ýaş nesil, ýurduň röwşen geljegi bilen bagly bu sene Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda has-da möhüm ähmiýete eýe boldy.
Mälim bolşy ýaly şol gün Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Maslahatda çykyş edenler bu taryhy pursada şaýatlyk edendiklerini uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Bilimler we talyp ýaşlar gününiň ýene bir taryhy pursady Gahryman Arkadagymyzyň baky rowaçlygyň şäheri bolan Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlarymyzyň öňünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada geçen umumy sapagydyr. Alym Arkadagymyzyň pedagog, professor, akademik hökmünde ýaş nesliň wekilleri bilen duşuşyp türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary, ýaşlaryň öňünde durýan wezipeleri barada geçen umumy sapagy ähli türkmen ýaşlarynyň hakydasyna ýatdan çykmajak taryhy pursat hökmünde ýazyldy diýip maslahatda çykyş edenler bellediler.
Gahryman Arkadagymyzyň terbiýeçilik ähmiýetli, çuň many-mazmuna ýugrulan taryhy çykyşynda pederlerimiziň ynsanperwerlik, il-güne hormat – sarpa goýmak, halallyk, mertlik, ruhubelentlik, edermenlik ýaly döwletlilik ýörelgeleri dogrusyndaky söhbetlere giň orun berilýändigi maslahatda çykyş edenler bellemek bilen, bu taryhy pursadyň türkmen ýaşlary üçin nusgalyk mekdepdigini ýene bir gezek tekrarladylar. Milli Lidermiziň “Watanmyzyň abraýyny hem-de mertebesini belende götermek, adam hakdaky alada Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň düýp özeneni düzýän ýoldur” diýip belleýşi ýaly, bu gün bagtyýar halkymyz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda pederlerimiziň milli döwletlilik ýoly bilen öňe, diňe öňe barýar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlaryna nusgalyk görelde bolup durýan şeýle hem ýaş nesle milli gymmatlyklarymyzy ýol ýörelge edinmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.