«TÜRKMENISTAN-BMG: PARAHATÇYLYK WE DURNUKLY ÖSÜŞ»

«TÜRKMENISTAN-BMG: PARAHATÇYLYK WE DURNUKLY ÖSÜŞ»

451
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär.
Ýurdumyz sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşmeleri görkezmek bilen, häzirki döwrüň wajyp wezipelerini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary utgaşdyrmaga uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gatnaşyklar bolsa strategik häsiýete eýedir.
Birleşen Milletler – parahatçylygy goldamak hem-de ýurtlar arasynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, özygtyýarly döwletleriň meýletin birleşmegi esasynda döredilen halkara guramadyr. Ilkinji gezek şeýle guramany döretmek meselesi 1943-nji oktýabrynda Moskwada, soň 1944-nji ýylda Dumwarton-Oksda (ABŞ-da) SSSR-iň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň maslahatynda çözüldi.
          1945-nji ýylyň fewralynda üç beýik döwletiň Ýalta (Krym) konferensiýasynda şeýle halkara guramany döretmek meseleleri gutarnykly çözüldi. Bu gurama 1945-nji ýylyň 25-nji aprelinde San-Fransiskoda (ABŞ-da) geçirilen koferensiýada döredildi. 26-njy iýunda 50 ýurduň wekilleri biragyzdan BMG-niň Düzgünnamasyny kabul etdiler. Bu Düzgünnama 24-nji oktýabrda güýje girdi. Şondan bäri 24-nji oktýabr BMG-niň Güni hökmünde bellenip geçilýär. Däp boluşy ýaly, şol gün BMG-niň Baş Sekretary dünýä giňişligine öz ýüzlenmesi bilen çykyş edýär. Şeýle-de geçirilýän ýörite çäreleriň dowamynda BMG-niň agzalary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar we bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli birek-biregi gutlaýarlar. Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara Güni mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň “Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri” ÝUNESKO klubynyň başlangyjy bilen «TÜRKMENISTAN-BMG: PARAHATÇYLYK WE DURNUKLY ÖSÜŞ» atly sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi.
Maslahata ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Rüstemowa Çynar Täjiýewna, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy, “Parahatçylygyň dilleri” ÝUNESKO klubynyň başlygy Berdiýewa Ogulsabyr, şeýle hem sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Parahatçylygyň medeniýeti” ÝUNESKO kluby hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň “Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” ÝUNESKO kluby gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-nyň hyzmatdaşlygy barada ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna çykyş etdi. Ýurdumyzyň ilkinji zenan diplomaty hökmünde köpýyllyk iş tejribesinden maslahata gatnaşyjylar üçin täsirli maglumatlary ýetirdi. Soňra Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-nyň uly mugallymy, “Parahatçylygyň dilleri” ÝUNESKO klubynyň başlygy Berdiýewa Ogulsabyr çykyş etdi. Çykyşynyň dowamynda ýurdumyzda ilkinji gezek açylan ÝUNESKO kluby barada gürrüň berdi. “Parahatçylygyň dilleri” ÝUNESKO klubynyň alyp barýan işleri barada hem sanly ulgam arkaly TMDDI-nyň talyby iňlis dilinde çykyş etdi. Soňra Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň “Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri” ÝUNESKO klubynyň işjeň agzalary türkmen hem-de iňlis dillerinde çykyş etdiler. “Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri” ÝUNESKO klubynda gysga wagtyň dowamynda  eýýäm ençeme işleriň ýerine ýetirilendigi barada, hususan-da türkmen halkynyň şan-şöhraty bolan ahalteke bedewleriniň at-abraýyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Maslahatyň dowamynda sanly ulgam arkaly baglanan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Parahatçylygyň medeniýeti” hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň “Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” atly ÝUNESKO klublarynyň işjeň agzalary çykyş etdiler.
 
Selbi Işangulyýewa
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
 akademiýasynyň “Ahalteke atlary – parahatçylygyň
ilçileri” ÝUNESKO klubynyň agzasy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm