937

Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynda milli at üstündäki oýunlarynyň dürli görnüşlerini görkezmeklik üçin 315 tomaşaça niýetlenen ýapyk manež binasy bolup, ol häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda gurnalan. Bu ýerde Atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar fakultetinde bilim aljak talyplar üçin türgenleşik atynyň innowasion enjamy (simulýatory) hem-de okuw otaglary bar.  Bu bolsa, Atly sporty we syýahatçylyk, Milli at üstündäki oýunlar we Sirk sungaty ýaly hünärler boýunça ylym-bilim aljak talyplaryň nazary bilimlerini tejribelik bilen utgaşdyryp, iş ýüzünde durmuşa geçirmeklerinde, öz öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmäge uly ýardam eder. Mundan başga-da ýanaşyk ýerinde ýerleşýän 20 baş ata niýetlenen athanasy hem-de onuň gezim meýdançasy bolup, atly sportuň (päsgelçilikden atly bökmek, atly gezimiň ýokary mekdebi we ş.m.) dürli görnüşleri boýunça türgenleşik geçmek üçin ähli şertler döredilen.

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm