HALKARA NOWRUZ BAÝRAMYNY TÜRKI HALKLARDA BELLEMEK DÄPLERINIŇ AÝRATYNLYKLARY HAKYNDA SEMINAR OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

HALKARA NOWRUZ BAÝRAMYNY TÜRKI HALKLARDA BELLEMEK DÄPLERINIŇ AÝRATYNLYKLARY HAKYNDA SEMINAR OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

454
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň “Ahalteke atlary-parahatçylygyň ilçileri” atly ÝUNESKO klubynyň gurnamagynda Halkara Nowruz baýramyny türki halklarda bellemek däpleriniň aýratynlyklary hakynda seminar okuw maslahaty geçirildi. Maslahata ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyplary şeýle hem Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatada çykyş edenler Halkara Nowruz baýramynyň türki halklarda bellenilişiniň aýratynlyklary, bu baýramyň olaryň medeniýetinde tutýan orny we Nowruz gününde ýerine ýetirilýän däp dessurlar hakyndan giňişleýin belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli mirasymyzy, pederlerimiziň ruhy we medeni gymmatlyklaryny sarpalaýan, şeýle-de milli baýramçylyklarymyzy uly şatlyk–şowhunly bellemegimize giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
 
Atanur Klyşow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň ÝUNESKO klubynyň
 Geňeşiniň başlygy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm