Ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ykdysady taýdan ösdürmek hem-de bu ugurda işlejek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň we ýaş mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň hyzmatdaşlyk edýän Hytaý Halk Respublikasynyň atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Halkara atçylyk sport federasiýasynyň we Aziýa atçylyk sport federasiýasynyň birinji derejeli emini hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Jiangsu Tehnologiýalar Uniwersitetiniň professory Ýeh, Ýi-Çheng (Waldo Ýeh) bilen 2024-nji ýylyň 18-nji martynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Atçylykda ykdysadyýetiň esaslary boýunça göni wideoaragatnaşyk arkaly (online) okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatyň dowamynda professor Ýeh, Ýi-Çheng (Waldo Ýeh) talyp ýaşlary we ýaş mugallymlary bilen atçylykda ykdysady netijililigiň görkezijelerini ýokarlandyrmak boýunça dünýä tejribesini paýlaşdy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda okamaga, öwrenmäge, ylym bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýdylar.
Batyr Baýliýew
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň Ylym bölüminiň hünärmeni