Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Kitaphanasynda “Işi rowaç ýurda bahar gelipdir” atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen milli baýramlarymyza belent sarpa goýulýar. Türkmeniň iň bir owadan paslynda bellenilýän Milli bahar baýramy gözellige we nuranalyga beslenýär. Bu baýram türkmen tebigatynyň oýanyş, täzeden dünýä geliş toýudyr. Milli bahar baýramy keramatly türkmen topragynyň rysgal-bereket, sahawat toýudyr. Nowruz baýramy gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagtyna gabat gelmek bilen, Gündogarda täze ýylyň gelendiginiň buşlukçysy hasaplanýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny dowam edýän, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyzyň mukaddes däp-dessurlaryny, gadymdan bellenilip gelinýän ajaýyp baýramçylyklaryny ýitirmän, öňküsinden hem baýlaşdyryp belläp geçmek netijeli ýola goýuldy. Şol milli baýramçylyklarymyzyň iň naýbaşylarynyň biri hem Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz günüdir.
Nowruz baýramynyň dünýä medeniýetinde tutýan uly ornuny halklara ýaýmak, bu baýramyň gymmatyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, milli Nowruz baýramy 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Eýranyň teklip etmegi netijesinde bolsa 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Çärä gatnaşanlar şular dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler we döreden ajaýyp goşgylaryny okap berdiler.
Döredijilik duşuşygynyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Çaý - melhem hem ylham”, “Bereketli türkmen saçagy” atly kitaplarynyň esasynda türkmen tagamlarynda gurnalan sergä döredijilik duşuşygyna gatnaşýanlar uly gyzylanma bilen syn etdiler, we bu sergi talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda öňa gatnaşyjylar milli baýramlarymyzy giňden bellemäge we wagyz etmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýjemal Baýramowa
Aba Annaýew adyndaky Halkar atçylyk
akademiýasynyň Kitaphanasynyň bölüm müdiri