25-nji fewralda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherini iş saparyny amala aşyryp Arkadag şäherinde guruljak Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň teklip edilýän görnüşi bilen tanyşmagy şeýle hem Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň binasynda ýurdumyzyň ylmy-önümçilik merkezleriniň ylmy-barlag ekerançylyk we däneçilik institutlarynyň öz işine başlamagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.
Mälim bolşy ýaly 24-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow baky bagtyýarlygyň we rowaçlygyň şäheri bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz saparyň dowamynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen
tanyşdy.
Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde guruljak Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň teklip edilýän görnüşi bilen tanyşyp oňa birnäçe belliklerini aýtdy. Täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän ýokary okuw mekdebiniň dolandyryş düzüminiň işini talabalaýyk ýola goýmagyň wajypdygyny belledi we bu işleri yzygiderli kämilleşdirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Munuň özi onuň dolandyryş we hojalyk işleriniň bildirilýän talaplara laýyk gelmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Talyp ýaşlaryň häzirki zaman tehnologiýalaryny, ylmyny we sanly ulgamlary özleşdirmek arkaly özlerini kämilleşdirmekleri ugrunda tagallalaryň edilmegi zerurdyr diýip Gahryman Arkadagymyz belläp geçdi.Maslahatda çykyş edenler bu ugur boýunça döwrebap derejede guralýan işleriň oňyn netije berýändigini nygtadylar. Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny mundan beýläk hem ösdürmekde taýsyz aladalary edýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize sagbolsunlaryny aýtdylar.
Atanur Klyşow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallymy