2024-nji ýylyň 24-nji fewralynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýylyň-ýylyna guralýan «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň akademiýa tapgyry geçirildi. Oňa fakultet tapgyrlarynda ýeňiji bolan talyp gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň birinji şerti boýunça talyp gyzlar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan belent sarpany, aýdym, goşgy, sahna çykyşlary bilen ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň ikinji şertine görä, talyp gyzlar türkmen milli tagamy bolan unaşy kesmekde özara bäsleşdiler. Unaşy kesmek ezberligi talap edýär. Gadym döwürlerde gyz maşgala belli bir ýaşa ýetende oňa, ilki bilen, unaş kesmegi öwredipdirler. Unaşy ezberlik bilen kesmegi başaran gyzyň, başga ähli tagamlary taýýarlap biljekdigine göz ýetiripdirler. Şol sebäpli hem gyzlaryň arasynda guralýan bäsleşikleriň şertleriniň biri-de unaş kesmekdir. Munuň özi ýaş gyzlaryň ezberligini ýüze çykarmakda, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesillerde milli tagamlary taýýarlamaga höwes döretmekde möhüm ähmiýete eýedir. Gözellik bäsleşiginiň üçünji şerti «Hünärim bar — hormatym bar» diýlip atlandyrylyp, talyp gözeller bäsleşigiň bu şertinde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmeniň keşdeçilik sungatyndan söz açyp, özleriniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler.
Gözellik bäsleşigine gatnaşan talyp gyzlar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar” diýen ajaýyp sözlerinden ugur alyp özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýlelikde, emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, Atçylyk fakultetiniň Sirk sungaty taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby Muhammedowa Şöhle «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň akademiýa tapgyrynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Ýeňiji gözellik bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Çaryberdiýew Kakageldi
Aba Annaýew adyndaky Halkara
atçylyk akademiýasynyň mugallymy