Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler jaýynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Aýdym-sazly dabara Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyndan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyndan, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinden we Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinden professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýilip atlandyrylmagy, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde giňden bellenip geçiljekdigi barada giňişleýin çykyşlary etdiler. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmeginiň nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny aýratyn belläp geçdiler. Dabaranyň dowamynda akademiýanyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde edebi-sazly kompozisiýa çykyşlary we ýurdumyzyň zehinli ýaş aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar ýerine ýetirildi.
Döwranmyrat Begmyradow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallymy