1376
          Dünýä täze owazasy bilen ýaň salýan Köpetdagy etekläp oturan Arkadag şäherinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermeginde açylan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binalar toplumynda iki gatly Kitaphana we muzeý binasynyň aýratyn gurulmagy we dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy milli mirasymyza goýulýan sarpadan, kitap syýasatynyň has rowaçlanýandygyndan nyşandyr.
          Her bir gelen myhmanlaryň ünsüni özüne çekýän bu binanyň birinji gatyna gireniňde türkmeniň milli buýsanjy, uçar ganaty, ýakyn syrdaşy gamyşgulak ahalteke bedewlerimiziň taryhy çeşmelerinden şu günki ösen döwrümize çenli täsirli maglumatlary, dürli döwürlerden şu günlerimize çenli saklanyp gelen atlaryň esbaplary, Galkynyşly döwrümizde bedewlerimizi bezemekde ulanylýan arassa kümüş saý-sepleri we olar baradaky gyzykly maglumatlary hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary özünde jemleýän muzeý otagy ýerleşdirilen. Bu gatda “Ahalteke atlary parahatçylygyň ilçileri” atly ÝUNESKO kulubynyň açylmagy talyp ýaşlara dünýäde ynsanperwer başlangyçlary öňe sürýän eziz watanymyzyň halkara abraýyny, dünýäniň abraýly guramalary bilen ýakyndan alyp barýan işleri bilen içgin tanyşmakda we giňişleýin öwrenmekde uly mümkinçilikleri döredýär.
 
      
    Şeýle-de binanyň birinji gatynda ähli mümkinçilikleri (ýagtylygy, ýylylygy, kitap tekjeleri) döredilen  kitaplary saklamak üçin kitap saklanýan otag ýerleşdirilipdir.
          Binanyň ikinji gatynda okalga otagy, döredijilik bilen gyzyklanýan talyp ýaşlar üçin “Galkynyş” otagy, çeper okaýyş, sesli okaýyş, kitap okamak bäsleşiklerini hem-de beýleki kiçi göwrümli okuw maslahatlaryny geçirmek üçin kiçi mejlis zaly, internet we (içerki tor) sanly ulgam birikdirilen elektron okalga otaglarynyň bolmagy talyplara okuwdan boş wagtlary kitaphana hyzmatyndan doly peýdalanyp bilmekleri üçin giň mümkinçilik döredýär. Akademiýanyň içerki toryndan peýdalanmak üçin maglumat binýadyny baýlaşdyrmak, elektron kitaplary elektron kitaphananyň gaznasyna ýüklemek işleri yzygiderli alnyp barylýar.
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm