AÇYK INTERNET OLIMPIADASY
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýurdumyzyň Tebigy ylmy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdepleriniň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa we himiýa dersleri boýunça “Açyk internet olimpiadasyny” geçirýär. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 4-nji dekabrynda “Biologiýa” dersi boýunça, 5-nji dekabrynda bolsa “Himiýa” dersi boýunça geçiriler. Bäsleşige Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de Ahal welaýatynda ýerleşýän Tebigy ylmy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylary Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna gelip gatnaşmak arkaly amala aşyrylar. Şol bir wagtda Mary, Lebap, Daşoguz, Balkan welaýatlarynyň Tebigy ylmy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylary Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň web saýtynyň üsti bilen bilim portalynyň binýadynda orta mekdepleriniň özünde onlaýn bäsleşige gatnaşarlar. Bäsleşige dersler boýunça aýratynlykda mekdepleriň 11-nji we 12-nji synplarynyň her birinden 3 (üç) okuwçy gatnaşyp ýeňijiler Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy tarapyndan degişlilikde I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.
Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.