2024-nji ýylyň 11-16-njy fewral aralygynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Daýanç” sagaldyş merkezinde okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işini kämilleşdirmek, ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak maksady bilen guralan okuw maslahaty “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýollarynda türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar”diýlip atlandyryldy.
Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat eden “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň halkymyza gelip gowuşmagy mynasybetli hem “Ýurdumyz Berkarar, ýolumyz ýagty, Zenanlar watanymyzyň buýsanjy bagty” atly dabaraly maslahat geçirildi.
Bu maslahatlarda çykyşlara giň orun berlip, olarda Zenanlar birleşiginiň ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda hereket edýän ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ýerine ýetiren işleri, zenanlary milli ruhda terbiýelemek, döwrüň gazanan üstünliklerinde zenanlaryň hyzmatyny ýokarlandyrmak maksady bilen öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli çykyşlar edildi.
Öňdebaryjy, işewür zenanlaryň hatarynda Arkadag şäherinde zähmet çekýän zenanlaryň bolmagy has-da buýsançly ýagdaýdyr.
Maral Akmyradowa
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň kafedra müdiri,
akademiýanyň ilkinji Zenanlar Guramasynyň başlygy