«SANLY BILIM ULGAMYNA VR TEHNOLOGIÝASYNY ORNAŞDYRMAK» ATLY SANLY ULGAM ARKALY OKUW-USULY MASLAHAT GEÇIRILDI

«SANLY BILIM ULGAMYNA VR TEHNOLOGIÝASYNY ORNAŞDYRMAK» ATLY SANLY ULGAM ARKALY OKUW-USULY MASLAHAT GEÇIRILDI

566
2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda  «Sanly bilim ulgamyna VR tehnologiýasyny ornaşdyrmak» atly sanly ulgam arkaly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Okuw-usuly maslahatyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisi işjeň gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda VR tehnologiýasynyň taryhy,
 
 
VR tehnologiýasynyň häzirki wagtda ähmiýeti, VR tehnologiýasynyň atçylyk we bilim ulgamyndaky orny barada giňişleýin gürrüňler berildi. Okuw-usuly maslahatda ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny sanly tehnologiýalar esasynda ösdürmäge, sanlylaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigini, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary netijeli bilimi üpjün etmek ugrunda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilip, eziz diýarymyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyyň berkidilip, onuň häzirki zaman multimedia, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilýändigi barada giňişleýin gürrüňler berildi.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kämil binagärlik eseri bolan “akylly” Arkadag şäherinde ýaşaýyş-durmuşyň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we ekologik taýdan arassa “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyryldy. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Sanly bilim ulgamyna VR tehnologiýasyny ornaşdyrmak” atly okuw-usuly maslahaty örän täsirli ýagdaýda geçirilip gelejekde okuw-usuly işlerde ulanmaklyga uly ýardam berjekdigi barada bellenip geçildi.
 
 
“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan”, “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan anyk wezipeleri durmuşa geçirmek şeýle hem, 2024-nji ýylyň 13-nji fewralyndaky Türkmenistanyň bilim ministrliginde geçirilen iş maslahatynyň gün tertibinde seredilen soraglar boýunça okuw işinde emeli aňyň mümkinçiliklerini, AR, VR tehnologiýalaryny giňden ulanmaly, tejribehanalarda ornaşdyrylan enjamlary niýetlenişine görä peýdalanmak barada kabul edilen çözgütlerden ugur alynyp geçirilen okuw-usuly maslahat diňleýjilerde öz täsirini galdyrdy.
Maslahatyň ahyrynda, çykyş edenler okamaga, öwrenmäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
 
Baýliýew Batyr
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň Ylym bölüminiň hünärmeni
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm