“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 10-njy fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň Türkmenistandaky hyzmatdaşlary Türkmenistanyň we dünýä ýüzüniň adamlarynyň ösüş babatynda ýüzbe-ýüz gelýän esasy meselelerini çözmäge gönükdirilen 17 sany biri-birine bagly we tutanýerli maksatlar bolan Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin uly işleri geçirýär.
Şu nukdaýnazardan, hususan-da Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Gender deňligi maksadyndan ugur alyp, şeýle hem zenanlaryň ylma bolan goşandyny açyp görkezmek maksady bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de ÝUNESKO-nyň ykrar eden 11-nji fewral Ylymda zenanlaryň Halkara güni mynasybetli “Zeminiň zynaty, dünýäniň durky zenanlar” ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň profesor mugallymlary, talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar we dürli temalarda çykyşlary etdiler.
Ylmy-amaly maslahaty 3 bölümde:
-
Türkmen zenanlarynyň belent sarpasy;
-
Dünýäni üýtgeden alym zenanlar;
-
Magtymguly Pyragy ähli döwürleriň we köňülleriň şahyry-atly bölümlerde dowam etdi.
Dünýäniň durky, zeminiň görki bolan zenanlarymyzy hormatlaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp, köp sagbolsunlaryny aýtdylar. Eşretli eýýamy, döwletli döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
Ahmedow Söýenç
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy