Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidendimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Kitap hakynda söz açylanda Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän kitaplar halkyň köňül guşyny ganatlandyrýandygy bellemek gerek. Ine bu gün nesil dowamaty Peder ýoluny parasatly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kämil paýhasyndan dörän “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitaby okyjylar köpçüligine gelip gowuşmagy türkmen halkynyň büýsançly başyny göge ýetirdi. Çünki bu kitap pähim-paýhasa, çuňňur many-mazmuna ýugrulyp, okyja ajaýyp duýgylary bagyş edýar.
Häzirki döwrüň hakykatyna esaslanýan bu kitap nesilleriň watançylyk terbiýesi çähetinden-de möhüm ähmiýete eýedir. “Häzirki döwürde dünýäde durmuşa höwesliligi, hyjuwlylygy artdyrmaga kömek edýän kitaplar köp okalýar. Şeýle kitaplaryň ýaşlara öz ukyplaryny açmaga ýardam edýän halatlary hem köp bolýar. Şol bilimleri hem watançylykdan aýratynlykda göz öňüne getirmek kyndyr. Esasy bilim, iň wajyp terbiýe watançylykdyr. Beýik ösüşlere ýetmek üçin, ilki Watany söýmegi öwrenmeli” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynda nygtaýar. Eserde peder ýörelgeleriniň nesillere nusgalykdygy baradaky könelmeýän hakykata üns çekilýär.
Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidendimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň baý-mazmun we bezeg aýratynlyklary, watansöýüji, ylymly-bilimli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki ahmiýeti, ýaşlara döredilýän mümkinçililer, şol mümkinçiliklerden ugur alyp türkmen ýaşlarynyň 2023-nji Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň çeper beýan edilişi hakynda giňişleýin söhbet etdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar we döwet galamynyň ýiti, ajaýyp kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuwladylar.
Şeýle hem täze kitabyň okyjylara gowuşmagy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başlanmagy mynasybetli, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza we ähli türkmen halkyna gutlaglar, arzuwlar aýdyldy.
Aýjemal Baýramowa
Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasynyň
Kitaphanasynyň bölüm müdiri