Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda mugallymlar üçin innowasion okadyş usullary boýunça okuw geçirildi
2025-nji ýylyň 23-26-njy dekabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ERASMUS+ maksatnamasynyň «Merkezi Aziýanyň uniwersitetleri üçin ýaşyl ylalaşyk» (GDCAU) atly taslamasynyň çäklerinde akademiýanyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda ýörite hünär kämilleşdiriş okuwy geçirildi.
Bu okuw maksatnamasynyň esasy maksady – durnuklylyk ýörelgelerine çuňňur düşünmek we olary akademiki gurşawa ornaşdyrmak, şeýle-de innowasion pedagogik usullardan peýdalanyp, mugallymlary durnukly ösüş ugrunda öňdebaryjy liderler hökmünde taýýarlamakdan ybarat boldy.
Dört günlik okuwyň dowamynda aşakdaky esasy maksatlara aýratyn üns berildi:
- Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) laýyklykda okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak.
- Durnuklylyga gönükdirilen okuwlar üçin täsirli we özboluşly gollanmalary ýüze çykarmak.
- Sapaklarda simulýasiýalar, rollary oýnamak (role-plays) we oýunlaryň üsti bilen okatmak ýaly işjeň okadyş usullaryny amaly taýdan ulanmak.
Iki tapgyrdan ybarat bolan amaly okuwyň dowamynda gatnaşyjylar ilki bilen öz okuw meýilnamalaryny Durnukly Ösüş Maksatlaryna görä täzeläp, taýýarlan täzelenen okuw maksatnamalaryny beýleki topar agzalaryna tanyşdyrdylar we özara pikir alyşdylar.
Ikinji tapgyrda bolsa, mugallymlar oýunlaşdyrma (gamification) we rollary oýnamak (role-plays) ýaly iň täze innowasion okadyş usullaryny öz sapaklarynda amaly taýdan ulanmagy öwrendiler. Olar bu täze usullary göni synp otaglaryndaky çykyşlary arkaly tejribede barlap gördüler.
Maksatnamanyň ahyrynda oňa gatnaşan her bir topar öz okuw maksatnamalaryny DÖM-e görä täzelemegi başardy. Gatnaşyjylar diňe bir nazaryýet däl, eýsem, talyplara durnuklylyk düşünjelerini öwretmek üçin zerur bolan endikleri we ýokary täsirli okuw materiallaryny özleşdirip, akademiýada bilim berşiň hilini has-da ýokarlandyrmaga taýýar ýagdaýda maksatnamany tamamladylar.