Halkara internet olimpiadasy geçirildi
Sebitde ilkinji "akylly" şäher bolan Arkadag şäheri halkara bilim we ylym hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüldi. Şäherde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – ykdysady ösüşleriň özeni” atly halkara internet olimpiadasy geçirildi.
Bu iri bilim bäsleşigi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy hem-de "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli guraldy.
Olimpiada dünýäniň dürli künjeklerinden ýaş zehinleri bir ýere jemledi. Oňa jemi 15 sany döwletden 72 sany abraýly ýokary okuw mekdebiniň 535 sany talyby gatnaşyp, özara bäsleşdiler.
Bu olimpiadanyň beýleki bäsleşiklerden tapawutlanýan esasy aýratynlygy, onuň diňe bir ykdysady nazaryýet bilen çäklenmän, häzirki zaman global meselelerini hem öz içine almagydyr. Hususan-da, talyplara hödürlenen synag soraglary "Green Deal" konsepsiýasy bilen gös-göni baglanyşykly bolan şu wajyp ugurlary öz içine aldy:
-
Durnukly ösüş maksatnamalary;
-
Galyndysyz ykdysadyýet (Circular Economy);
-
Makroykdysadyýet;
-
Dünýä ykdysadyýeti;
-
Halkara ykdysady gatnaşyklar.
Bu ugurlar boýunça berlen soraglar ýaşlaryň diňe bir akademiki bilimlerini däl, eýsem geljegiň ekologiýa taýdan arassa we durnukly ykdysady modelleri baradaky düşünjelerini barlamaga gönükdirildi.
Olimpiadanyň esasy maksady ýaş nesliň ykdysady düşünjelerini giňeltmek bilen bir hatarda, olara dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmegiň zerurlygyny wagyz etmekden ybarat boldy. Şeýle-de, parahatçylygyň ykdysady ösüşdäki ornuny açyp görkezmek we talyplarda täzeçe, global ykdysady pikirlenmek ukyplaryny ösdürmek esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi.
Arkadag şäherinde geçirilen bu halkara olimpiada, ýaşlaryň bilim arkaly durnukly geljege goşant goşmagy üçin möhüm platforma boldy.