ATLY SPORT, SYÝAHATÇYLYK WE MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR FAKULTETI

ATLY SPORT, SYÝAHATÇYLYK WE MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR FAKULTETI

1386

Bu fakultetde talyplar Milli at üstündäki oýunlar, Atly sport we atly  syýahatçylyk şeýle hem Sirk sungaty ýaly taýýarlyk ugurlary boýunça bilim alýarlar.

Milli at üstündäki oýunlar taýýarlyk ugry boýunça bilim alýan talyplar atyň anatomiýasy, atlaryň iýmitlendirilişi we saklanylyşy, türgeniň beden taýýarlygy, ahalteke atlaryny çylşyrymly tilsimlere seýislemegiň sungaty, manežde atly türgeniň ussatlygy, manežde atly-akrobatika oýny we sirk çykyşlaryny taýýarlamak ýaly dersleri öwrenýärler we tomaşaçylaryň öňünde üstünlikli çykyşlary guraýarlar. Şeýle hem döwlet we halkara derejesinde geçiriljek bäsleşiklerde  milli at üstündäki oýunlary ýerine ýetirmäge, guramaga we olara gatnaşmaga taýýarlyk görýärler.

Atly sport we atly syýahatçylyk taýýarlyk ugry boýunça bilim alýan  saýlap almagy we olary durmuşa geçirmegi, hünär işlerinde döwletimiziň we daşary ýurtly görnükli tälimçi-mugallymlaryň hünär işjeňligi boýunça tejribesini ulanmak bilen ussat hünärleriň eýesi bolýarlar. Talyp ýaşlar, at çapyşyklaryna, marafon ýaryşlaryna, atly päsgelçiliklerden bökmek (konkur), atly sport ýaryşlaryna taýýarlyk görýärler. Şeýle hem çagalary we ýetginjekleri türgenleşdirip ýetişdirmekligiň nazaryýet esaslaryny we şonuň bilen baglanyşykly tejribelik ukyplaryny, morfo-funksional aýratynlyklaryny kämilleşdirýärler.

Sirk sungaty taýýarlyk ugry boýunça bilim alýan talyplar sirk çykyşlaryny taýýarlamak, sirk çykyşlaryny seljermek, sahna ussatlygy, wäşiçilik we masgarabazlyk ussatlygy şeýle hem gözbagçylyk ýaly derslerden alan bilimini iş tejribesinde kemsiz peýdalanmak we sirk sungatynyň kämil gazananlaryny dünýä ýaýmak babatda hünär endiklerini ele alýarlar.

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm