Sanly bilim
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda üstünlikler gazanyp, halkara derejede uly abraýdan peýdalanýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşi dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň esasynda sanly bilim ulgamyna doly geçilmegi, okatmagyň innowasion usullary bilen utgaşdyrylyp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagy bilen pugta baglanyşyklydyr.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim toruny döretmek, ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, okuw işinde uzak aralykdan berilýän bilimiň täze tehnologiýalaryny ulanmak Konsepsiýanyň esasy wezipeleridir. Şonuň bilen birlikde-de, bu resminama tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda taýýarlanylan sanly bilim portalynda elektron kitaphana gory baýlaşdyrylyp, dersler boýunça işlenip taýýarlanan döwrebap elektron okuw usuly toplumlaryny köpeltmeklik üçin netijeli işler alnyp barylýar. Akademiýada ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin ähli zerur şertler döredilen. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň çäginde sanly bilimiň durmuş-ykdysady ulgamda eýeleýän orny barha pugtalandyrylýar. Ýokary okuw jaýynda täze maglumatlar bilen elektron maglumat gorunyň üstüni ýetirmek işi yzygiderli dowam etdirilýär. Akademiýanyň binýadynda sanly tehnologiýalaryň, internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly umumy okuw sapaklarynyň we wideoşekilli maslahatlaryň guralmagy akademiýada bilim aljak talyplaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede açmaga, ukyplaryny hünär taýdan ugrukdyrmaga gönükdirilendir.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň okuw otaglary häzirki zaman kompýuterler, multimedia tehnologiýalar, laboratoriýa, lingafon enjamlar bilen üpjün edilen. Akademiýada döredilen mümkinçileriň ählisi ýaş nesliň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede açmaga, bu ukyplary hünär taýdan ugrukdyrmaga gönükdirilendir.