Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 9-njy dekabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, şu ýylyň 5-nji dekabrynda Birleşen Milletler guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde Türkmenistan tarapyndan teklip edilen «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» hödürnamasyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek çözgüdiniň kabul edilendigine bagyşlanan ahalteke bedewlerimize dakylýan şaý-sepleri, eýer-esbaplary görkezýän amaly haşam sergisi hem-de hoşallyk maslahaty geçirildi. Bu maslahata ýurdumyzyň atçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler, halypa seýisler, meşhur atşynaslar hem-de bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atçylyk pudagyny ösdürmekde, ynsan gylykly ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren işlerini belläp geçdiler.
Soňra, behişdi bedewlerimizi wasp edýän aýdym-sazly konsert dabarynyň dowamyny ýetirdi. Milli medeni mirasy aýawly saklamaga we öwrenmäge, türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine goşandyny wagyz etmäge aýratyn üns berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, her bir tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Nowruzälem Gurdow
Aba Annaýew adyndaky Halkara
atçylyk akademiýasynyň mugallymy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi