«HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK – YKDYSADY ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI»
ATLY HALKARA INTERNET OLIMPIADASYNA
HOŞ GELDIŇIZ!
Olimpiadany geçirmegiň maksady:
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – ykdysady ösüşleriň özeni» atly halkara internet olimpiadasynyň geçirilmeginiň esasy maksady ýaş nesliň ykdysady düşünjelerini has-da giňeltmekden, olara dünýäde parahatçylygy we birek-birege bolan ynanyşmagy berkitmegiň zerurlygyny wagyz etmekden şeýle-de, onuň ykdysady ösüşdäki möhüm ornuny görkezmekden, netijede ýaşlaryň döredijilikli, ykdysady taýdan pikirlenmek ukyplaryny has-da ösdürmekden ybaratdyr.
Olimpiadanyň wezipeleri:
- häzirki zaman bilim, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ykdysady meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek;
- zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly ukyp başarnyklarynyň ösmegine oňyn şertleri döretmek;
- sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak.
Halkara internet olimpiadasynyň geçirilişi barada Gözükdiriji
- olimpiada gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ihba.edu.tm salgysy arkaly bellige (registrasiýa) alynmaly;
-
Guramaçylyk topary tarapyndan gatnaşyjylara bir gezek ulanmaga niýetlenen ulanyjynyň ady (login) we parol gatnaşyjynyň hasaba alnan elektron salgysyna ugradylýar;
-
olimpiadanyň test soraglary 2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda akademiýanyň resmi salgysynda açylar;
-
kompýuterler we web-kameralar Internet toruna birikdirilen bolmaly;
-
internet olimpiada wagtynda wideoaragatnaşyk Zoom programma üpjünçiligi arkaly amala aşyrylar. Wideoaragatnaşyga birikmek üçin ssylka ulanyja login we parol bilen bilelikde ugradylar;
-
internet olimpiada gatnaşyjylar ýany bilen diňe degişli esbaplaryny, ýagny ruçka we kagyz alyp bilerler;
-
olimpiada gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda diňe olimpiada degişli programma üpjünçiligi bilen işlemeli. Goşmaça saýtlardan maglumatlar peýdalanylanda berlen jogaplar kabul edilmez;
-
halkara internet olimpiadasy geçirilýän döwründe talyplara gürleşmek, öýjükli telefonlardan we beýleki habar beriş serişdelerinden peýdalanmak gadagan edilýär;
-
olimpiada gatnaşyjylar ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda degişli soraglary bilen olimpiadanyň Guramaçylyk toparyna ýüzlenip bilerler;
-
olimpiadanyň ýumuşlary Makroykdysadyýet, Dünýä ykdysadyýeti we Halkara ykdysady gatnaşyklar dersleri boýunça test görnüşinde berler;
-
bäsleşigiň netijeleri boýunça toplanan ballaryň jemi esasynda I, II we III orunlar kesgitlenilýär. Bäsleşigiň ýeňijileri Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory tarapyndan I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.