HALKARA BITARAPLYK GÜNI MYNASYBETLI AÝDYM-SAZLY DABARA GEÇIRILDI

HALKARA BITARAPLYK GÜNI MYNASYBETLI AÝDYM-SAZLY DABARA GEÇIRILDI

424
Garaşsyz Türkmenistan asuda, parahat hem-de sebitde ylalaşdyryjy döwlet höküminde uly abraýdan peýdalanýar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä doldurjak beýik tutumlary mähriban halkymyzyň agzybirlikli zähmeti bilen durmuşa geçirilýär. Dost-doganlyk gatnaşyklary hormat bilen saklamak, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur almak halkymyza mahsus häsiýetleriň biridir. Ata-babalarymyzdan gelýän şeýle ajaýyp ýörelgelere çäksiz sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ol ýollaryň has-da rowaçlanmagyna badalga berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Bitarap Türkmenistan” atly ajaýyp kitabynda şeýle belleýär “Bitaraplyk mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň esasy hereketlendirijisi boldy”. Ynha bu günki günde Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk taglymaty bütin dünýäde dabaralanyp Halkara bitaraplyk baýramy giňden bellenilýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hem 1-nji dekabrda Ýokary okuw mekdebimiziň  we
 
 
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gurnamagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda iki ýokary okuw mekdebiň talyplar topary aýdymdyr, tanslary arkaly çykyşlary etdiler. Dabaranyň çäginde dünýä halklarynyň aýdym-sazlaryna aýratyn ähmiýet berildi. Çykyşlar ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen sirk sahna ussatlygynyň şeýle hem milli at üstündäki oýunlar toparynyň çylşyrymly tilsimleri bilen has-da baýlaşdy. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bagtyýar talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň, ösüşleriniň wasp edýän aýdym-sazlar dabara  gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň beýik ösüşlerini nazarlaýan ajaýyp zamanamyzyň bagtyna guwanyp, eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyza döwletli – döwrany peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ähli türkmen halkymyzy Halkara Bitaraplyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun alyp barýan döwlet işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
 
Söýenç Ahmedow
Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasynyň
Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm