30-njy noýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Kitaphanasynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň XXVIII ýyllygy mynasybetli “Türkmenleriň dünýä dolan ykbaly, Bitarap Watanym Türkmenistanym” atly aýdym-sazly baýramçylyk maslahaty geçirildi.
Baýramçylyk maslahatynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasy bilen bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi kepillendirýän başlangyçlary öňe sürüp, halkara abraýyny berkidip, Ýer ýüzündäki döwletler we halklar bilen dostlukly, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýandygy, halkymyzyň asyrlardan aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten oňyn bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgeleri doly dowam etdirilýändigi, bu ýörelgeler türkmeniň ýurt asudalygynyň, parahatsöýüjiliginiň, halkymyzyň ata-babalardan gelýän erkanalyk, agzybirlik, goňşylaryň içerki işlerine gatyşmazlyk däplerine wepalylygynyň aýdyň nyşanyna öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň döredijilik toparynyň ýerine ýetiren Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýetýän beýik sepgitleriniň, ösüşleriniň waspyny edýän aýdym-sazlary maslahata gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Goý, başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni bolan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dowamat dowam bolsun! Ümmülmez älem giňişliginde türkmeniň mertebesiniň has-da belende göterilmegi ugrunda tagallalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, umumyadamzat bähbitli beýik başlangyçlarynyň, döwletli işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Aýjemal Baýramowa
Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasynyň
Kitaphanasynyň bölüm müdiri