«ARKADAGYŇ ÝÖRELGESI – NUSGALYK GÖRELDE»

«ARKADAGYŇ ÝÖRELGESI – NUSGALYK GÖRELDE»

466

Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän «Arkadagyň ýörelgesi-nusgalyk görelde» atly ylmy işleriň bäsleşiginiň birinji tapgyry 2023-nji ýylyň 23-nji otýabryndan 23-nji noýabry aralygynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirildi. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda  Akademiýamyzdan bäsleşigiň birinji tapgyryna gatnaşan talyplarymyzyň ýerine ýetiren ylmy işleri boýunça çykyşlary diňlenilip, eminler topary we degişli ýolbaşçylar tarapyndan seljerme berildi.
«Arkadagyň ýörelgesi-nusgalyk görelde» atly ylmy işleriň birinji  akademiýa tapgyrynda Atçylyk fakultetiniň “Sirk sungaty” taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby Lukmanhekim Garajaýew “Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary-biz ýaşlar üçin nusgalyk görelde” atly ylmy işi bilen I orna, Atçylyk fakultetiniň “Seýisçilik” taýýarlyk ugrynyň 1-nji ýyl talyby Seýitdurdy Guljanow “Ahalteke bedewi – türkmen halkynyň milli mirasy” atly ylmy işi bilen II orna, Atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň “Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy” taýýarlyk ugrynyň 1-nji ýyl talyby Röwşen Şyhberdiýew “Gahryman Arkadagymyzyň eserleri – döredijilik dünýäsinde parahatçylygyň kepili” atly ylmy işi bilen III orna mynasyp boldy. 

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm