Ýokary zähmet üstünliklerine eýe bolýan diýarymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ösüp gelýän ýaş nesli ýokary watansöýüjilikli ruhunda terbiýelemek, olaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşine özleriniň saldamly goşandyny goşmak we ýaşlary belent ruhda terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda hem birnäçe işler alnyp barylýar, ýaşlar üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar şeýle döredilýän mümkinçiliklerden ýokary derejede peýdalanýarlar we olar häzirki wagtda döredijilikli zähmet çekýärler. Kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan orta, ýörite orta we ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan ýaşlar ylmy-barlag we döredijilik işlerine işeňňir gatnaşýarlar. Şeýle hem olar milli we halkara derejesinde geçirilýän dürli görnüşli bäsleşiklerde çykyş edip, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da belende galdyrýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Baky bagtyýarlygyň şäheri bolan Arkadag şäherinde bina edilen, halypa seýis ussat atşynasyň adyny göterýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda bilim alýan talyplarymyz hem ýokary mümkinçiliklerden giňden peýdalanýarlar we olar turuwbaşdan dürli görnüşli olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şeýle hem olar ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini, ýeten sepgitlerini tele we radio gepleşiklerinde, gazetdir žurnallarda yzygiderli çykyş edýärler.
Biziň ýurdumyzda her bir ynsanyň çekýän asylly zähmetine ýokary baha berilýär. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli bu guramanyň Merkezi geňeşiniň yglan etmeginde her ýylda ýokary derejede geçirilýän ýurdumyzyň zähmetde we döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlarynyň ençemesine “Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň” dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bu ýokary sylaga biziň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýamyzyň mugallymy Gurdaw Nowruzälem, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Klyşow Atanur, Işgärler bölümçesiniň baş hünärmeni Mämmetorazow Arslan hem-de Atçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýdogdyýew Öwezmyrat dagylar mynasyp boldular.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda “Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna” eýe bolan ruhubelent ýaşlaryň her biriniň ýürek senasynda Watana bolan uly söýgi bar. Olar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza kalplarynyň töründen çykýan çäksiz alkyş sözlerini aýdýarlar.
Agaýew Bekgylyç
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi