TÄZE AHALTEKE ATÇYLYK ATHANASY  HASYL TOÝUNDA AÇYLDY

TÄZE AHALTEKE ATÇYLYK ATHANASY HASYL TOÝUNDA AÇYLDY

483

Şu gün 12-nji noýabrda berekediň we bolçulygyň baýramy bolan Hasyl baýramyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Köpetdagyň eteginde Halkara Ahalteke atçylyk toplumynyň golaýynda, Ahalteke atlaryň mekany bolan Arkadag şäherinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän 600 baş ahalteke atyny saklamak üçin niýetlenen häzirki zaman Ahalteke atçylyk athanasynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu desganyň gurluşygy «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň buýurmasy esasynda «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi.

Ahalteke atçylyk athanasynyň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda bu pudagyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak, maddy we tehniki binýadyny berkitmek, tohum atlaryň sanyny artdyrmak üçin yzygiderli çäreler görülýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirilýär. Bu çäreler ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerde gurlan ajaýyp atçylyk merkezleri, şeýle hem ahalteke atlarynyň we ömrüni olary ösdürip ýetişdirmäge bagyşlan seýisleriň Ýer ýüzündäki barha artýan meşhurlygynyň netijesidir. Döwrebap athananyň umumy meýdany 15,4 gektara barabardyr. Bu toplum dolandyryş, atlaryň saglygyna gözegçilik etmek, şeýle hem athana üçin ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan weterinariýa binalaryny öz içine alýar.

Bu athanada dünýä meşhur arassa ganly ahalteke atlarynyň başsanyny köpeltmekde, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamakda ahalteke bedewlerini idetmekde we seýislemekde uly işler alyp barmak üçin ähli zerur  bolan mümkinçilikler döredilendir. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary bu döwrebap gurlan athanada  göçme okuwlary gurnap tejribe sapaklaryny geçerler.

Şeýle toýlaryň ýygy-ýygydan geçirilip durmagy we dabaraly ýagdaýda bellenilmegi, oba hojalygynyň hem-de atçylyk pudagynyň ösmegine badalga berýär hem-de atşynaslaryň, daýhanlaryň ruhyny belende göterýär. Bu Ahalteke atçylyk athanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ähli türkmen halkymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän bereketiň, bolçulygyň, abadançylygyň baýramy bolan Hasyl toýy şeýle hem Ahalteke atçylyk athanasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür we rowaçlyklar arzuw etdiler.

 

Myratdurdyýew Nowruz

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm