Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ÝUNESKO Kluby döredildi.
Milli medeni mirasy aýawly saklamaga we öwrenmäge, türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine goşandyny wagyz etmäge aýratyn üns berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň ähmiýetini hemişe nygtaýar.
Bu işleri has netijeli alyp barmak türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan Ahalteke atlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri toplumlaýyn hem-de ylmy esasda taýýarlaýan bilim ojagy bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem öňünde uly wezipeler durýar. Gahryman Arkadagymyzyň: “Halkymyzyň maddy däl medeni mirasynyň gymmatlyklaryny halkara derejede ykrar etdirmek üçin alnyp barylýan işler dowam etdirilmelidir. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlyk ösdürilmelidir” diýen tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň ylalaşmagy esasynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Ahalteke atlary-parahatçylygyň ilçileri” atly ÝUNESKO Kluby döredildi.
Bu klub akademiýanyň ÝUNESKO-nyň beýik maksatlaryna eýerýän we gyzyklanma bildirýän talyplarynyň we mugallymlarynyň birleşmesidir. Klub üçin Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Kitaphana we muzeý binasynyň 1-nji gatynda ýörite otag taýýarlanyldy. Bu otagda bize her bir ugurda uly gollanma bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň kämil paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplary, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyz barada maglumatlar, Türkmenistan-ÝUNESKO halkara hyzmatdaşlygyna degişli we ÝUNESKO-nyň alyp barýan işlerine degişli resminamalar ýerleşdirildi. ÝUNESKO-nyň “Ahalteke atlary-parahatçylygyň ilçileri” klubynyň esasy maksatlary bu adalatlylygyň we adam hukuklarynyň ählumumy hormatyny üpjün etmek maksady bilen bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda halklaryň hyzmatdaşlygyny giňeltmek arkaly parahatçlylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam etmek.