ATÇYLYGYŇ WETERINARIÝASY FAKULTETI

ATÇYLYGYŇ WETERINARIÝASY FAKULTETI

1684

Bu fakultetde talyplar weterinar lukmançylygy (atçylykda) hünäri we weterinar - sanitar ekspertizasy taýýarlyk ugury boýunça bilim alýarlar.

Weterinar lukmançylygy (atçylykda) hünäri boýunça bilimleri we hünär endiklerini ele alýan talyplar behişdi bedewlerimiziň saglygyny gorap saklamaklyk we olarda duş gelýän  dürli ýokanç we ýokanç däl keselleri häzirki zaman usullary bilen takyk anyklamak, bejermek we şikeslenmeleriň öňüni almaklyk barada nazary okuwlary döwrebap enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda özleşdirýärler. Talyp ýaşlar  weterinariýa çärelerini ylmy we ykdysady taýdan esaslandyrmagy, atlary bejermegiň dürli usullarynyň maksada laýykdygyny ýola goýmagy okuw we önümçilik tejribelerini häzirkizaman tehnologiýalar giňden ornaşdyrylan atçylyk sport toplumlarynda, atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde, athanalarda geçmek bilen hünär endiklerine içgin eýe bolýarlar.

Weterinar-sanitar ekspertizasy taýýarlyk ugry boýunça bilim alýan talyplar senagat weterinariýa we sanitariýa hiline, haýwan we gök önümlerden gelýän önümleriň howpsuzlygyna gözegçilik etmek işini öwrenýärler. Häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen laboratoriýa gözleg usullaryny ulanmak, önümleri we çig mallary dezinfeksiýa etmekligi şeýle hem ýokanç, inwazion we beýleki keselleriň döremeginiň we ýaýramagynyň, daşky gurşawyň biologiki hapalanmagynyň öňüni almak boýunça işleri gurnamaga we geçirmäge  weterinariýada we maldarçylykda innowasion tehnologiýalary önümçilige işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak ugrunda  nazary okuwlary döwrebap enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda, okuw we önümçilik tejribelerini bolsa häzirkizaman kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýörite barlaghanalarda geçmek bilen öz saýlap alan hünärleriniň kämil eýeleri bolýarlar.

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm