1453

Sport toplumy

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» diýlip atlandyrylýan ösüşiň häzirki tapgyrynda mähriban halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada Hormatly Prezidentimiziň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.Eziz Diýarymyzda sporty hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirilýän köpugurly syýasatyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Ýurdumyzyň ýaş nesliniň hemmetaraplaýyn ösen kämil, şahsyýet bolup ýetişmeginde bedenterbiýe durmuşyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Talyplaryň beden taýdan saglygyny we sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, olaryň saglygyny berkitmek üçin Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport toplumy binasy bolup, onuň düzümine döwrebap enjamlaşdyrylan sport zallary, futbol, basketbol we woleýbol meýdançalary, suwa düşülýän howuz hem-de tennis meýdançasy girýär.

Ýokary okuw mekdebiniň talyp ýaşlary bu ýerde ýokary okuw mekdepleriniň, pudaklaryň we welaýatlaryň toparlarynyň arasynda guralýan umumymilli spartakiadalara yzygiderli gatnaşyp, bu bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýeläp sagdynlyga, beden we ruhy taýdan kämilleşmäge barýan ýolda ýurdumyzyň at-abraýyny has-da belende götermekde özleriniň mynasyp goşandyny goşarlar. 

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm