«MEDENIÝET WE SUNGAT - WATANYMYZYŇ EGSILMEZ RUHY BAÝLYGY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

«MEDENIÝET WE SUNGAT - WATANYMYZYŇ EGSILMEZ RUHY BAÝLYGY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

            2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda ýurdumyzyň döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde «Medeniýet we sungat — Watanymyzyň egsilmez ruhy baýlygy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
           Maslahatda çykyş edenler medeniýetiň we sungatyň halkymyzyň köpasyrlyk taryhy-ruhy gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny geljekki nesillere ýetirmekde we ýurdumyzyň halkara abraýyny belende galdyrmakda esasy guraldygyny aýratyn nygtadylar. Ýaş nesilleriň kalbynda Watana bolan söýgüni, milli guwanjy we beýik sungata bolan hormaty kemala getirmegiň kämillik ýolundaky her bir ýaşlaryň mukaddes borjudygy bellenilip geçildi. Çykyşlarda şeýle hem, ýaşlary döredijilige ugrukdyrmakda, zehinli sungat muşdaklaryny we medeniýet işgärlerini ýüze çykarmakda döwlet derejesinde guralýan bäsleşikleriň, sergileriň hem-de ylmy dabaralaryň ähmiýetiniň örän uludygy dogrusynda giňişleýin beýan edildi.
Ylmy-amaly maslahat iki sany esasy bölümde dowam edip, bölümlerde ýaş alymlaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň gymmatly ylmy-gözleg işleri, gyzykly teklipleri diňlenildi.
           Maslahata gatnaşyjylar türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýüzünde dabaralandyrmakda edýän çäksiz aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýtdylar. Şeýle-de, her ýylda ýokary ruhubelentlik bilen bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we tutuş türkmen halkymyzy tüýs ýürekden mähirli gutladylar.
 
 
Rejepgulyýewa Bahar
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň
      Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk
      ugrynyň 2-nji ýyl talyby.
Back