ÝEŇIŞLI ÝOLLARYŇ BATLY GADAMLARY
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri bu günki gün özüniň aýdyň miwelerini berýär. Şular ýaly belent maksatlara ruhlanyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän iň abraýly döwlet bäsleşikleriniň birinde uly üstünlik gazanmak meniň üçin çäksiz buýsanç we şatlyk getirdi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen “Ýylyň talyby — 2026” Döwlet bilim bäsleşigi ýurdumyzyň iň zehinli, maksadaokgunly we işjeň ýaşlaryny bir ýere jemledi. Döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine goşant goşjak hünärmenleri ýüze çykarmaga gönükdirilen bu täsirli çäräniň jemleýji tapgyrynda ýokary netije görkezip, ýeňiji bolup, III orna mynasyp bolmak bagty maňa-da nesip etdi.
Bu üstünlik diňe bir meniň däl, eýsem maňa ylym-bilim dünýäsiniň inçe syrlaryny öwreden, ussat hünärmen bolup ýetişmegimde gije-gündiz zähmet çekýän mähriban mugallymlarymyzyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýamyzyň görkezen ýokary goldawynyň netijesidir. “Ýylyň talyby — 2026” Döwlet bilim bäsleşiginde gazanan bu ýokary netijäm meni geljekde has-da uly ylmy we amaly taslamalary amala aşyrmaga, saýlap alan ugrum boýunça watanymyza we halkymyza peýdaly hünärmen bolup ýetişmäge ruhlandyrýar. Ýaşlyk joşguny bilen öňe goýan belent maksatlaryma tarap batly gadamlar bilen ýöremekde bu baýrak meniň üçin täze sepgitleriň biri boldy.
Ýaş nesilleriň ylym-bilim alyp, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri, ýurdumyzyň abraýyny dünýä doldurmaklary ugrunda atalyk aladalaryny edýän, biz ýaşlara hemişe nusgalyk görelde bolup duran Gahryman Arkadagymyza, ylmyň we bilimiň iň döwrebap şertlerini döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymymyzy aýdýarys. Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä doldurýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Guwanç Ýoldaşow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijisi