EKOLOGIK ARASSAÇYLYK- SAGDYN GELJEGIŇ GÖZBAŞY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli ulgamlar bilen bir hatarda daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigatymyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamak bilen bagly wajyp wezipeleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Bilşimiz ýaly, 1972-nji ýylda Stokgolm şäherinde geçirilen BMG-niň daşky gurşaw boýunça maslahatynda, 5-nji iýun - Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Biziň ýurdumyzda hem bu baýramçylyk 2008-nji ýyldan bäri döwlet derejesinde giňden bellenilip gelinýär. Şeýle uly şanly senä bagyşlap hem 2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň “Ahalteke atlary - parahatçylygyň ilçileri” atly ÝUNESKO klubynyň gurnamagynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli talyp ýaşlaryň arasynda wideorolik taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige akademiýamyzyň talyplary işjeň ýagdaýda gatnaşdylar. Bäsleşikde esasynda wideorolik arkaly ýurdumyzyň çägindäki hem-de dünýä ýüzündäki tebigy baýlyklary gorap saklamak we netijeli peýdalanmak, ösümlik hem-de haýwanat dünýämize aýawly çemeleşmek barada gyzykly wideolar tabşyryldy. Men hem özümiň taýýarlan wideoroligim bilen bu bäsleşige höwesjeň gatnaşdym. Netijede, bäsleşigiň jemleri boýunça men öz wideoroligim bilen Baş baýraga mynasyp boldum. Mundan başgada bäsleşige gatnaşanlardan Atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Röwşen Şyhberdiýew I orna, Atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Orazgeldi Agaýew II orna, Atçylyk fakultetiniň Dil öwreniş toparynyň talyby Arzygül Kakabaýewa III orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan talyplar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň “Ahalteke atlary - parahatçylygyň ilçileri” atly ÝUNESKO klubynyň adyndan ýörite diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.
Ülkämiziň tebigy baýlyklaryny goramak we köpeltmek, gözüňi dokundyrýan gözelligi indiki döwürlere, nesillere ýetirmek biziň esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşky gurşawy goramak meselesi barada edýän ýadawsyz aladasy we goldawy bilen ene topragymyzyň tebigy baýlyklaryny ygtybarly gorap saklamaklyga we olary köpeltmäge güýçli itergi berýär. Şu pursatda Türkmen halkynyň milli Lideri Gahrymany Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Japarow Japarberdi
Aba Annaýew adyndaky Halkara
atçylyk akademiýasynyň Atçylyk fakultetiniň
Atly sport we atly syýahatçylyk
taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi