7-nji noýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Kitaphanasynyň gurnamagynda “Magtymguly Pyragy–şygryýetiň ussady” atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygyna “Garagum” žurnalynyň jogapkär kätibi Nurtäç Annamuhammedowa, “Türkmeniň Altyn Asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Amansähet Annasehedow, Ahal welaýatynyň Medeniýet müdirliginiň Medeniýet merkeziniň aýdymçysy Gülşöhle Orazsähedowa, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy Söýenç Ahmedow dagylar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar binýady berkden tutulan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has uly belentlikleri nazarlap, ynamly öňe barýan ýurdumyzyň her gününe ajaýyp pursatlary, şanly wakalary bagyşlaýandygy, biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi altyn sene bolup taryha ýazylýandygy, Garaşsyzlyk ýyllarynda giň gerimli özgertmeleriň we taryhy ähmiýetli maksatnamalaryň durmuşyna öwürilen Türkmenistan ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Özleriniň ruhy halypasy höküminde döredijilik işgärleri Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary bilen, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen rowaçly ýollarda ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň waspyny ýetirýän goşgylaryny joşgunly çeper okadylar we giňişleýin çykyş etdiler.
Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda beýik şahsyýetlerimizi, akyldar danalarymyzy öwrenmäge we wagyz etmäge, okamaga, öwrenmäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýjemal Baýramowa
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň
Kitaphanasynyň bölüm müdiri