«ŞAN-ŞÖHRATY DÜNÝÄ DOLAN BEDEWLER» ATLY AHALTEKE BEDEWLERINI WIDEOŞEKILLER ARKALY WASP ETMEK BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILÝÄR

«ŞAN-ŞÖHRATY DÜNÝÄ DOLAN BEDEWLER» ATLY AHALTEKE BEDEWLERINI WIDEOŞEKILLER ARKALY WASP ETMEK BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILÝÄR

Dünýäde ykrar edilen ahalteke atlarynyň we atçylyk sungatynyň bu günki gündäki ýeten belent derejesi, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegi hem muňa aýdyň subutnamadyr.
Şunuň bilen baglylykda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegi  mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Şan-şöhraty dünýä dolan bedewler» atly ahalteke bedewlerini wideoşekiller arkaly wasp etmek boýunça döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
 
 
Back