«PARAHATÇYLYK, GÜLLÄP ÖSÜŞ, BEHIŞDI BEDEW» ATLY MAKALA ÝAZMAK BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILÝÄR

«PARAHATÇYLYK, GÜLLÄP ÖSÜŞ, BEHIŞDI BEDEW» ATLY MAKALA ÝAZMAK BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILÝÄR

87
Eziz Diýarymyzda  2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegi bilen bu şygaryň  many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyndan ugur alyp hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekdäki, asudalygy üpjün etmekdäki ähmiýetini wagyz etmek, talyp ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda beýan edilýän maglumatlar dogrusynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Parahatçylyk, gülläp ösüş, behişdi bedew» atly makala ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
 
 
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm