Ählimize mälim boluşy ýaşly Gahryman Arkadagymyzň “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp şygryndan ugur alnyp Hormaly Prezidetimiziň beýik başlangyçlary bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem bu ajaýyp şygyrdaky nurana pikirleri durmuş ýüzünde äşgär edýär. Ynha şeýle asylly başlangyçlardan ugur alyp bu gün sebitde ilkinji akylly şäher Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak - ykdysady ösüşleriň özeni” atly halkara internet olimpiadasy geçirildi. Olimpiada dünýäniň 15 sany döwletinden 72 sany abraýly ýokary okuw mekdebiniň jemi 535 sany talyby gatnaşdy.
Bu olimpiadanyň geçirilmeginiň esasy maksady ýaş nesliň ykdysady düşünjelerini has-da giňeltmekden, olara dünýäde parahatçylygy we birek-birege bolan ynanyşmagy berkitmegiň zerurlygyny wagyz etmekden şeýle-de, onuň ykdysady ösüşdäki möhüm ornuny görkezmekden, ykdysady taýdan pikirlenmek ukyplaryny has-da ösdürmekden ybaratdyr.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak - ykdysady ösüşleriň özeni» atly halkara internet olimpiadasyna gatnaşyjylar şular ýaly giň mümkinçilikleri döredip berýän Alym Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýtdylar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw etdiler.
Bekgylyç AGAÝEW
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň kafedra müdiri