“Watan”, “Ýaşlar”, “Geljek” diýen düşünjeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özboluşly many-mazmuna eýe bolýar. Döwletli başlangyçlar, belent maksatlar bilen aýdyň geljegi nazarlap öňe barýan eziz Diýarymyz Türkmenistan bagtyýar ýaşlygyň ýurduna öwrülýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ömür ýoluny görelde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryny ýörelge edinýän biz ýaşlara ähli babatda ösen, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegimiz üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Bu günki gün bolsa türkmen döwletiniň berkaralygynyň synmaz sütüni bolan Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly buýsanja beslenýän “Halklara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň şu ajaýyp taryhy gününde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp bolandygym üçin özümi şu topragyň iň bagtly perzendi hasaplaýaryn. Men hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlara döredip berýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, saýlap alan ugrum boýunça kämil bilim alyp, yhlasly okap, türkmeniň uçar ganaty, göwün syrdaşy, gözelligiň taýsyz nusgasy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmak, arassa ganly tohum atlarynyň sanyny köpeltmek, seýisçilik sungatyny, atçylyk sportuny ösdürmek, bedewlerimizi dünýä derejesine çykarmak baradaky işlere öz ukyp başarnygymy gaýgyrman, mynasyp goşandymy goşjakdygyma şu ajaýyp pursatda ynandyrýaryn.
Aahalteke bedewleriniň asyl hem-de gadymy mekany bolan, ýaşlaryň şäheri diýlip ykrar edilen, Arkadag şäheride döwrebap bilim almak, döredijilikli zähmet çekmek biz ýaşlar üçin uly bagt. Çünki bagtyýar nesilleriň ýagty geljegi ugrunda ägirt uly işleri bitirýän, Watany söýmegiň beýik nusgasyny görkezýän, ýurdumyzy dünýä tanadyp, ýaşlaryň juwan kalbynda baky orun tutan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir tutumy, manyly ömür ýoly bu gün ykbaly galkynan biz bagtyýar ýaşlaryň durmuş uniwersitetidir.
Ýurduň geljegine deňelýän biz ýaşlaryň abraý-mertebesini belentliklere ýetiren, ak ertirlerimize giň ýol açan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýtýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, döwletli işleriniň dowamat dowam bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin!
Röwşen ŞYHBERDIÝEW
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň 3-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi.