Gül-gülzarly Watanyň goýnunda, jennete çalymdaş topragyň üstünde ýaşamagyň özi, gör, nähili bagtlylyk! Eziz Watanymyz dost-doganlygyň, ösüşiň hem-de parahatçylygyň dünýä şuglasyny çaýýan, ynsanperwerlikli taglymatlaryň ganat ýaýýan Diýaryna öwrüldi. Ösüp barýan ýurdumyzyň daýanjy hasaplanylýan biz ýaşlar ýaşlaryň we ýaşlygyň, ahalteke bedewleriniň dörän topragynda Arkadag şäherinde bagtdan paýly sylagdan serpaýly bolup ýaşaýarys, okaýarys, ylym öwrenýäris. Ine bu ýyl hem meniň durmuşymda ýatdan çykmajak şatlykly wakalaryň biri boldy. Maňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň yglan eden Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Meniň muňa buýsanjym, begenjimiň çägi ýok. Çünki arzuwlaryň amala aşýan ýurdunda öz başarnygymyzy, döredijiligimizi açyk görkezmek ugrunna biz ýaşlaryň Hak howandary Gahryman Arkadagymyz, hemde peder ýoluny mynasyp dowam edýän, her bir işinde görelde mekdep bolup durýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli mümkinçilikleri döredip berýär.
Biz hem şeýle mümkinçiliklere jogap edip öz bilimizi has hem artdyryp, geljekde saýlap alan atçylyk ugrumyz boýunça ökde hünärmen bolup, döredijilikli zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys. Şu şatlykly toýly pursatda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sagbolsun aýdýarys. Goý Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Ahalteke bedewlerimiziň dowamaty rowaç bolsun!
Japarberdi JAPAROW
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň 3-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi.