BELARUSIÝANYŇ ATÇYLYK SPORT MERKEZI HALKARA ATÇYLYK AKADEMIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÝOLA GOÝMAK ISLEÝÄR

BELARUSIÝANYŇ ATÇYLYK SPORT MERKEZI HALKARA ATÇYLYK AKADEMIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÝOLA GOÝMAK ISLEÝÄR

597

Belarus Respublikasynyň atçylyk sport merkezi bilen Türkmenistanyň Aba Annaýew adyndaky Halkara Atçylyk akademiýasy bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri türkmen ilçisi Nazarguly Işangulyýewiň we ady agzalan merkeziň direktory Mihail Portnoýyň arasynda geçirilen gepleşikleriň esasy mowzugy boldy.

3-nji noýabrda geçirilen duşuşyga şeýle hem Belarusyň Döwlet bedenterbiýe uniwersitetiniň atly sport boýunça uly mugallymy Natalýa Petuhowa hem gatnaşdy.

Portnoýyň sözlerine görä, Belarus Respublikasynyň atçylyk sport merkezi ýurduň ilatynyň arasynda bu görnüşli sportuň uly meşhurlyga eýe bolmagyna şert döredýär. Direktor şeýle hem merkeziň işini guramakda özüniň ilkinji mugallymy bolan SSSR-iň çempiony, halkara derejeli sport ussady Irina Karaçaýewanyň goşandy barada hem durup geçdi. Ol atly sport boýunça dünýäniň we Ýewropanyň birnäçe çempionatlarynyň ýeňijisidir.

Mihail Portnoý türkmen ilçisini Atly sport merkezindäki mümkinçilikler bilen türkmen ilçisini giňişleýin tanyşdyrdy. Bu ýerde atly ýaryşlara taýýarlamak, olary idetmek we bejermek üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Şu ýylyň sentýabrynda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylandygyny göz öňünde tutup, direktor türkmen tarapy bilen atly sport we atçylygy ösdürmekde göni hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi.

Atçylyk sporty boýunça Olimpiýa ýaryşlaryna taýýarlaýan merkez 1996-njy ýylda açylyp, ol Minsk şäherinden uzakda bolmadyk ýerde ýerleşýär. Bu merkeziň döredilmeginde binýat bolup, Ratomk şäherçesinde ýerleşýän L.Dowator adyndaky atçylyk zawody we Olimpiýa üçin ätiýaçdaky türgenleri taýýarlaýan çagalar-ýetginjekler sport mekdebi çykyş etdi.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm