“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen daşary ýurtlaryň abraýly ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag merkezleri bilen ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de tejribe alyşmak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär hem-de ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürilýär.
Şunuň bilen baglylykda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar kafedrasynyň mugallymy Nowruz Myratdurdyýew hem-de Tebigy bilimler we kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Döwranmyrat Begmyradow 2025-nji ýylyň 3-6-njy noýabr aralygynda Slowakiýa Respublikasynyň Nitra şäherindäki oba hojalyk uniwersitetinde Erasmus+ maksatnamasynyň “Merkezi Aziýanyň uniwersitetleri üçin ýaşyl ylalaşyk” (GDCAU) atly taslamanyň çäginde gurnalan halkara okuw seminaryna gatnaşdylar we ol ýerde iş saparyny amala aşyrdylar.
Halkara okuw seminaryň çäginde ýokary okuw mekdebimiziň wekiliýeti BMG-nyň Durnukly ösüş maksatnamalaryny okuw dersleriniň maksatnamalarynda ornaşdyrmak boýunça, bar bolan dersleriň okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek boýunça, 2 sany täze dersi okuw meýilnamasyna girizmek hem-de bilelikdäki magistr maksatnamasynyň okuw meýilnamasyny döredilmegi bilen bagly birnäçe usuly seminarlar we tejribe alyşmak boýunça işler geçirildi. Dersler boýunça okuw maksatnamalarynda gurluşy, mazmuny, garaşylýan netijeleri we döwrebap okatmagyň usulyýetleri dogrusynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekilleri çykyş etdiler. Halkara okuw seminaryň netijesinde ýokary okuw mekdebimizde birnäçe dersleriň okuw maksatnamalary kämilleşdiriler we mugallymlaryň hünär derejeleri ýokarlandyrylar.
Şeýle hem iş saparynyň çäklerinde 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekiliýeti Nitradaky Slowak oba hojalyk uniwersitetiniň Atçylyk merkezinde talyplara öwredilýän atlary türgenleşdirmek, atly päsgelçiliklerden bökmek, barlaghanalar we atlaryň kesellerini anyklamak bilen bagly alyp barýan işleri bilen tanyşdylar. Ýurdumyzda bilim ulgamynda Halkara hyzmatdaşlyklary has-da pugtalandyrmaga, professor-mugallymlaryň hünär derejelerini has-da kämilleşdirmekde goldaw berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzy aýtýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Söýenç Ahmedow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallymy